Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Turba çekildi-de, suw goýberilmedi"


Geçen hepdäniň soňunda Türkmenistanda “Suw damjasy altyn dänesi” baýramçylygy bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halka iberen gutlag hatynda “suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny” aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurduň käbir sebitlerinde suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly käbir problemalaryň dowam edýändigi aýdylýar. Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy etrabyň ähli sebitlerine suw turbalarynyň çekilendigine garamazdan, etrabyň heniz hem suw bilen üpjün edilmändigini aýdýar.

Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan özüni Aýşat diýip tanyşdyran pensioner zenan etrabyň suw meselesi barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:33 0:00

XS
SM
MD
LG