Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz rewolýusiýasynyň bäş ýyllygy bellenilýär


Gyrgyzystan ýurduň awtoritar prezidenti Kurmanbek Bakiýewi häkimiýetden çetleşdiren meşhur rewolýusiýanyň bäşinji ýyl dönümini belleýär.

7-nji aprelde Bişkekde Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew gyrgyz Ak tamynyň ýa-da esasy hökümet binasynyň daşynda geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Bu çäre 2010-njy ýylyň 7-nji aprelinde geçirilen köpçülikleýin protestler döwri howpsuzlyk güýçleri tarapyndan 100-e golaý adamyň öldürilen sebitinde geçirildi.

Mundan bäş ýyl öň azyndan 15 müň adam prezident Kurmanbek Bakiýewiň wezipeden çekilmegini talap edip, gyrgyz Ak tamynyň daşynda ýöriş geçiripdi. Protestçiler Bakiýewi korrupsiýada we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplapdylar.

2010-njy ýyldaky durnuksyzlyklar döwründe oppozision lider hökmünde öý tussaglygyna höküm edilen Atambaýew protestler döwri öldürilenlere we ýaralananlara hormat bildirdi.

XS
SM
MD
LG