Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif Pakistana sapar edýär


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 8-nji aprelde Yslamabada sapar edýär. Gepleşikleriň dowamynda Saud Arabystanynyň Pakistandan Ýemene harby kömegiň we goşunyň iberilmegi barada eden ýüzlenmesine seredilmegine garaşylýar.

7-nji aprelde Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Ýemendäki konfliktiň soňuna çykmak boýunça gepleşiklere Eýranyň hem gatnaşdyrylmalydygyny aýtdy.

Onuň bu çykyşy Pakistanyň parlamentiniň ýurduň Ýemende Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan harby operasiýasyna gatnaşyp-gatnaşmazlyk meselesine seretmeginiň yzýany edildi.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa prezident Abd-Rabbu Mansur Hadini goldaýan hökümet güýçlerine ýardam bärýär we Huthi şaýy toparyna garşy howadan zarba urýar.

Zarif Ýemendäki konfliktiň gepleşikler arkaly çözülmelidigini ençeme sapar aýdypdy, emma arap ýurtlarynyň ençemesi Eýrany Ýemendäki konflikti regionda öz täsirini artdyrmak üçin ulanmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG