Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa: Söweşijilere garşy çäre geçirildi


Ispaniýanyň polisiýasy terrorçylykly hereketlere we yslamçy söweşijilere gatnaşygy bolmakda güman edilýänlere garşy 8-nji aprelde geçiren çärelerinde azyndan dokuz adamy tussag etdi.

Kataloniýa regionynyň polisiýasynyň beýannamasyna görä, Ispaniýanyň demirgazyk-gündogarynda şäherlerde we obalarda, şol sanda regionyň paýtagty Barselonada azyndan 10 adam ele salnypdyr.

Söweşiji bolmakda güman edilýänlere garşy geçirilen regionyň iň uly göwrümli operasiýasynyň çäginde 360 polisiýa wekiliniň gatnaşmagynda 13 reýdiň edilendigi habar berilýär.

Ispaniýa ýaş musulmanlaryň radikallaşmagynyň we olaryň Siriýada we Yrakda söweşijileriň hataryna goşulmagynyň, şeýle-de öz öýünde hüjüm amala aşyrmagynyň öňüni almak mümkinçiligini gözleýär.

Şu ýyl Ispaniýada söweşiji bolmakda güman edilýän 30 çemesi adam tussag edildi.

XS
SM
MD
LG