Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: ABŞ Saud Arabystanyna kömegi artdyrdy


ABŞ Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda Ýemende alnyp barylýan harby hereketlere ýarag üpjünçiligini we beýleki kömegini artdyrdy. Koalisiýa Ýemeniň uly bölegini basyp alan şaýy gozgalaňçylaryň Huthi toparyna garşy söweşýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Antony Blinken “Saud Arabystany Huthi toparyna we onuň ýaranlaryna olaryň Ýemeni ýarag bilen eýeläp bilmejegi barada berk duýduryş berdi”, diýip 7-nji aprelde eden çykyşynda aýtdy.

Blinken ABŞ-nyň “gizlin maglumatlary alyşmagyny güýçlendirendigini” we “Saud Arabystanynyň dolandyryjy merkezinde bilelikdäki koordinasion planlaşdyryjy bölümini döredendigini” belledi.

Frans Press (AFP) agentligi ABŞ-nyň goranmak resmisine salgylanyp, Waşingtonyň Birleşen Arap Emirliklerine ýokary aňrybaş takyklykdaky harby enjamlary iberendigini, onuň hem soň koalisiýanyň beýleki agzalaryna bombalary berendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG