Sepleriň elýeterliligi

Baku: Žurnalistiň şikaýatçysy arzyndan el çekdi


Hadija Ismailowa

Hadija Ismailowa

Tussaglykdaky azerbaýjanly derňewçi zurnalist we AÝ/AR-nyň habarçysy Hadija Ismaýilowanyň garşysyna gozgalan iş boýunça şikaýatçy öz şikaýatyny ýatyrmak barada Baş prokuratura ýüz tutandygyny aýtdy.

Tural Mustafaýew 7-nji aprelde AÝ/AR bilen söhbetdeşliginde geçen ýylda emosiýa gidip, arz edendigini, häzir bolsa Ismailowa bilen “arasyny sazlamak” isleýändigini aýtdy.

Ismaýilowa Mustafaýewy öz janyna kast etmäge ündemekde aýyplanyp, 5-nji dekabrda tussag edildi. Hökümet resmileriniň korrupsiýa baş goşmagy barada habar bermek boýunça iş alyp baran Ismaýilowa özüne ýöňkelen aýyplamalary ret etdi we gozgalan işi syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrdy.

Prokurorlaryň Mistafaýewiň ýüzlenmesinden soň Ismaýilowa garşy gozgalan işi togtadyp-togtatmajagy barada derhal mälim bolmady. Fewral aýynda Ismaýilowanyň işine salgytdan gaçmak we bikanun biznes bilen bagly täze aýyplamalar goşuldy. Onuň suddan öňki tussaglyk möhleti 24-nji maýda tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG