Sepleriň elýeterliligi

Migrant ‘gaçakçylary’ tussag edildi


Gazagystanyň sudy Özbegistanyň raýatlarynyň Orsýete bikanun migrasiýa edilmegini gurnamakda güman edilýän üç adamyň tussag edilmegini karar etdi.

Gazagystanyň günbataryndaky Oral regional sudunyň 7-nji aprelde aýtmagyna görä, regionyň ýaşaýjylary bolan üç adamyň günäsi tassyklanan ýagdaýynda, olar ýedi ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilnerler.

Derňewçiler olary özbek raýatlaryny regionyň paýtagty Orala eltip, Orsýet bilen serhetden geçirmekde aýypladylar. Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan onlarça müň migrant her ýyl möwsümleýin işiň gözleginde Orsýete gidýär.

Soňky aýlarda Orsýet daşary ýurtly zähmet migrantlaryna degişli kanunlary we düzgünleri pugtalandyrdy.

XS
SM
MD
LG