Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Satlyga çykarylan’ Çoganly


Çoganly posýologynda daçalaryň, jaýlaryň satylýandygy baradaky bildirişleri ýygy-ýygydan görmek bolýar.
Çoganly posýologynda daçalaryň, jaýlaryň satylýandygy baradaky bildirişleri ýygy-ýygydan görmek bolýar.

Häzir Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar. Bu ýerde ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen awtoulaglary görmek bolýar. Daşoguz, Mary, Lebap, Ahal we Balkan welaýat nomerli dürli göwrümli ýük ulaglarynyň kerweni daçalygyň darajyk köçelerine zordan sygýar. Bu ýük ulaglarynda Çoganly daçalaryndaky sökülýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk materiallary daşalýar.

Mälim bolşy ýaly, Çoganly daçalary ilkibaşda çalt ýumrulyp aýrylmalydy. Häkimiýetler ýörite tehnika bilen bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlaryny ýumrup hem başlapdylar. Emma indi, soňky maglumatlara görä, ýerli ýaşaýjylara 1-nji iýuna çenli öz jaýlaryny sökmäge rugsat berildi.

“Mekdep kanikullaryna çenli ýaşasaň bolýar. Şoňa çenli hem daçaňy sökmeli. Soň hökümediň özi jaýlary ýumrup başlar” diýip, bu ýeriniň özüni Baýram diýip tanadan bir ýaşýjysy gürrüň berýär.

Mundan başga-da, onuň aýtmagyna görä, bu ýerdäki daça eýelerine, olaryň zerur dokumentleri bar bolsa, “Täze zaman” obasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryndan ýer almaga nobata goýuljakdyklaryny häkimiýet wekilleri adamlara wada beripdirler.

“Häkimlige dokumentleriňi alyp barsaň, şol ýerden jaý almaga nobata goýýarlar. Garaz, 30 ýyllyk ipoteka tölemeli” diýip, Baýram gürrüň berýär.

Häzirlikçe bolsa bu ýerdäki ýumurmak işini hususyýetçiler amala aşyrýarlar. Jaýlaryň käbirleriniň üçekleri sökülen bolsa, käbirleri eýýäm tutuşlygyna diýen ýaly sökülip ýok edilipdir. Emma daçalaryň ählisinde diýen ýaly olaryň göçürilmelidigini aňladýan alamat bar. Howlularyň köpüsiniň haýatlarynyň ýumrulan ýerleri bar. Ýerli ýaşaýjylar bu bellikleri häkimiýetleriň goýýandyklaryny aýdýarlar.

Şol bir wagtda hem bu ýerdäki gurlan ýaşaýyş jaýlaryny tutuşlygyna satyn alyp, olary söküp, gurluşyk materiallaryna öwürýän ýörite adamlar bar. Bu adamlar öýme-öý aýlanyp, jaýlary bahaladýarlar.

“Bu ýerdäki jaýlaryň iň ýokary bahay 3-4 müň dollar. Ýöne köpüsiniň bahasy 2 ýarym müň dollardan ýokary geçmeýär” diýip, gurluşyk materiallryny satýan daşoguzly Mämmet gürrüň berýär.

Çoganly posýolagynda daçalaryň, jaýlaryň satylýandygy baradaky bildirişleri ýygy-ýygydan görmek bolýar. Şol bilidirişlerde daçany satýn adamyň telefon nomeri hem ýazylýar. Şol telefona jaň edip, daçanyň eýesi bilen habarlaşyp bolýar. Emma köplenç daça eýeleriniň özlerine hem duşsa bolýar.

Şol bir wagtda hem Çoganly daçalarynyň göçürilmeginiň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriliş berilmeýär. Şeýle-de 19-njy martdan öň bu ýerleriň eýesi bolan Bagbanlar jemgyýetiniň ýapylmagynyň hem sebäpleri resmi taýdan düşündirilmeýär.

Çoganlynyň daçalary diýilýän ýerde, käbir maglumatlara görä, 13 müňe golaý daça uçastoklary bar.

XS
SM
MD
LG