Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: Ýewropa ugry gün tertibinde


Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny Russiýa, Eýrana we Hytaýa eksport edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny Russiýa, Eýrana we Hytaýa eksport edýär.

Türkmenistanyň prezidenti energiýa resurslaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselesinde Ýewropa ugrunyň “elmydama-da gün tertibinde durandygyny” aýtdy.

Aşgabatda Moldowanyň prezidenti bilen geçirilen duşuşykdan soň gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow “türkmen gazyny öndürmek we onuň tranziti barada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda gepleşikleriň we ylalaşyklaryň alnyp barylýandygyny” mälim etdi.

7-nji aprelde eden bu çykyşynda türkmen lideri bu ugurdaky işler barada giňişleýin maglumat bermese-de, resmi sapar bilen gelen prezident Nikolae Timofti özara gepleşiklerde energiýa howpsuzlygy meselesine “arýatyn ünsüň berlendigini”, şeýle-de Hazarda tebigy gaz bilen bagly alnyp baryljak proýektlerde Türkmenistanyň rolunyň maslahat edilendigini aýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek Transhazar gazgeçiriji proýekti barada geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalaryndan bäri gürrüň edilip gelinýär.

Garşylyk

Emma bu proýektiň amala aşmagyna hazarýaka döwletleri bolan Russiýa we Eýran garşy çykýarlar. Moskwa bilen Tähran, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Hazarda amala aşyryljak islendik proýektiň kenarýaka döwletleriň ählisiniň razylygy bilen edilmelidigini öňe sürýärler.

Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen prezidenti “energetika meselesiniň öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we alyjynyň arasynda bolmalydygyny nygtaýandygyny” hem belläp geçdi.

Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, mundan iki hepde ozal Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekili Bileleşigiň ýewropa kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistandan Ýewropa gaz akdyrylmagyny ýola goýmakçy bolýandygyny hem habar beripdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny Russiýa, Eýrana we Hytaýa eksport edýär.

Türkmenistanda 2014-nji ýylyň dowamynda 76 milliard kubometr gaz öndürilendigi we gaz eksportynyň 45 milliard kubometrden aşandygy habar berilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistan 80 milliard kubometrden hem köpräk gaz öndürmegi planlaşdyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG