Sepleriň elýeterliligi

Grek premýer-ministri Putin bilen duşuşýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras (çepde).

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras (çepde).

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras bilen Moswkada gepleşikleri geçirýär. Bu gepleşikler Gresiýa bilen Orsýetiň arasyndaky özara ykdysady hyzmatdaşlygy, inwestisiýa we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek tagallalaryny öz içine alýar.

Tsiprasyň bu sapary onuň maliýe kynçylygyny çekýän hökümetiniň halkara kreditorlary tarapyndan berlen halas ediş maliýe kömeginiň göterimini öz wagtynda yzyna tölemek ugrunda tagalla edýän mahalyna gabat geldi.

Şol bir wagtyň özünde Tsipras bu sapary Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky separatistlere berýän goldawy sebäpli Ýewropa Bileleşigi bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aşa dartgynlylaşan wagty amala aşyrýar.

Putiniň Gresiýanyň arkasyny tutup çykyş etmegine onuň Ýewropa Bileleşiginiň hatarlaryna agzalalyk saljak bolup çytraşmasynyň bir ugry diýlip garalýar.

Gatnaşyklary has-da ösdürmek...

Putin Tsipras bilen Kremlde geçiren ýygnagynyň öňýanynda: “Biz öz gatnaşyklarymyzy nädip has hem ösdürip biljekdimiz barada ylalaşmagyň ugruny tapmalydyrs” diýdi.

Premýer-ministr Tsipras hem Putiniň aýdanlaryny tassyklap, “Gresiýanyň Russiýa bilen uzak wagtdan bäri dowam edýän gatnaşyklary bar we men bu gatnaşyklary täzelemek üçin şu ýere geldim” diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Gresiýada ýanwar aýynda häkimiýet başyna geçen Tsipras Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga dyrjaşýandygyny gizlänok.

Ol saýlawda üstünlik gazanmagynyň öň ýanynda, Moskwa sapar edip, resmiler we kanunçykaryjylar bilen duşuşdy.

Galyberse-de, Gresiýanyň premýer-ministriniň Ikinji jahan urşunyň ýeňşi bilen baglanyşykly Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin öňümizdäki aýda gaýtadan Orsýete sapar etmegine garaşylýar.

Günbataryň ençeme liderleri Russiýanyň Ukrainanyň içki islerine ýaragly gatyşmagyna garşy gahar-gazaplaryny nygtamak üçin 9-njy maýda Moskwanyň Gyzyl meýdanynda geçiriljek harby parada barmakdan ýüz öwürdiler.

“Hiç ýere barýan ýol”

Tsipras öz saparynyň öň ýanynda Russiýanyň döwlete degişli TASS habar gullugyna beren interwýusynda Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryny “hiç ýere barýan ýol” diýip häsiýetlendirdi.

Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna gaýtawul hökmünde Russiýa Günbataryň ençeme azyk importyna gadagançylyk girizdi. Bu gadagançylyklar Gresiýanyň oba hojalygyna ýaramaz täsir ýetirdi.

Tsipras ilatynyň aglabasy hristianlardan ybarat iki döwletiň “umumy köklerine, umumy göreşlerine, umumy ynançlaryna we medeniýetine” salgylanyp, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Gresiýanyň “Günbatar bilen Russiýanyň arasynda köpri” bolup hyzmat edip biljekdigini aýtdy.

Gresiýa häzirki wagtda maliýe goldawyny almak ugrunda Ýewropa Bileleşigi we Halkara walýuta fondy bilen gepleşikleri geçirýär. Eger-de bu gepleşikler başa barmasa, birnäçe hepdäniň içinde Gresiýanyň maliýe serişdeleri gutaryp biler. Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Bileleşigi we Halkara walýuta fondy Gresiýanyň ykdysady kynçylykdan baş alyp çykmak boýunça saýlap alan reformalaryndan nägile.

Alternatiw çeşmeler

Grek hökümeti Russiýa bilen Hytaýa maliýe goldawyny alyp bolaýjak alternatiw çeşmeler hökmünde garaýar.

Emma Tsiprasyň Moskwa edýän saparynyň öň ýanynda Gresiýanyň hökümeti Afinynyň Moskwadan ýardam soramajakdygyny aýtdy.

Tsiprasyň Putin bilen geçirjek gepleşiklerinde energiýa, inwestisiýa, söwda, turizm we oba hojalyk ugurlary boýunça maslahat edilmegine garaşylýar.

Tsiprasyň rus prezidentinden öz ýurdunyň oba-hojalyk önümleriniň Russiýa eksport edilmegine garşy girizilen çäklendirmeleri gowşatmagy soramagy-da garaşylýar.

Russiýanyň oba-hojalyk ministri Nikolaý Fýodorow rus hökümetiniň, Moskwanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerinden gök-bakja önümleriniň importyna garşy girizen umumy gadagançylygyndan Gresiýany çykarmagy göz öňünde tutup biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG