Sepleriň elýeterliligi

DiCaprio ekologik taýdan arassa jaýlary gurýar


Golliwudyň ýyldyzy Leonardo DiCaprio

Golliwudyň ýyldyzy Leonardo DiCaprio

Karib deňziniň etegindäki Beliz döwletiniň golaýynda şahsy adasy bolan Leonardo DiCaprio bu adada millionerler üçin ekologik taýdan arassa kurort merkezini gurýar.

Golliwudyň ýyldyzy DiCaprio bu adany 2005-nji ýylda 1,75 million amerikan dollaryna satyn alypdy. Adanyň tutýan meýdany 42 gektara barabar bolup, bu ýerden Merkezi Amerika materigine gaýykly 15 minutda baryp bolýar.

“The New York Times” neşiriniň berýän maglumatyna görä, adada guruljak eko-willalaryň, ýagny jaýlaryň bahasy 5 we 15 million amerikan dollary aralygynda bolar.

Bu adada guruljak öýleriň ählisi Günüň energiýasy we okeanyň suwunyň energiýasy bilen işlär.

Aktýor DiCaprio 1998-nji ýylda öz adyna ýörite fond döretdi. Bu fond ekologiýa proýektlerine grantlary berýär.

XS
SM
MD
LG