Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň iň kiçi kompýuteri döredildi


Generic - Credit card phishing - piles of credit cards with a fish hook on computer keyboard, ©Shutterstock photo, undated

Generic - Credit card phishing - piles of credit cards with a fish hook on computer keyboard, ©Shutterstock photo, undated

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Miçigan uniwersitetiniň matematika kafedrasy dünýäniň iň kiçi kompýuteriniň döredilendigini yglan etdi. Bu maglumat “CBS News” neşirinde mälim edildi.

Michigan Micro Mote (M^3) diýlip atlandyrylýan bu kompýuteriň ululygy 1 kub mm-e barabardyr.

Ol tüwiniň bir dänesinden kiçi bolup, şaýlyk puluň gyrasyndan hem näzikdir.

Häzirki wagtda kompýuteri döredenler birnäçe kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirýärler.

Gürrüňi edilýän kompýuter surata düşürip, temperaturany ölçäp, olary ýatda saklap bilýär. Şeýle-de, täze kompýuter medisinada kelleçanagyň içindäki gan basyşy ýa-da gözüň içindäki basyşy ölçemek üçin ulanylyp bilner.

Şol bir wagtyň özünde bu kompýuterden senagatda we infrastrukturada hem peýdalanyp bilner. Meselem, bu kompýuteri köçelere ýerleşdirip, ýollaryň ýagdaýyna gözegçilik edip bolar.

Häzirlikçe bu kompýuter maglumaty 7 metr uzaklyga çenli ugradyp biler.

XS
SM
MD
LG