Sepleriň elýeterliligi

“YD” fransuz telewideniýesine internet hüjümini etdi


Fransiýanyň ägirt uly telewideniýe ulgamyna özleriniň “Yslam döwleti” atly ekstremist topara ygrarlydygyny öňe sürýän adamlar tarapyndan internet hüjümi edildi.

“TV5 Monde” atly telewideniýe ulgamynyň müdiri Iw Bigotyň (Yves Bigot) 9-njy aprelde beren maglumatyna görä, hüjümçiler bu ulgamyň 11 telekanalynyň ýaýlymlaryny gysga wagtlaýyn kesipdir hem-de websaýtlarynyň we sosial media hasaplarynyň kontrollygyny ele salypdyr.

Bigotyň aýtmagyna görä, ulgamyň signallary gaýtadan dikeldilipdir, emma onda häzirlikçe diňe ýazga alnan gepleşikleri goýberip bolýar.

Gürrüňi gidýän topar “TV5Monde”-nyň websaýtynda “Cybercaliphate” diýlip atlandyrylan banneri we onda "Je Suis IS", “Men Yslam döwleti” atly ýazgyny çap etdiler.

Internet hüjümçileriň bir hatynda fransuz prezidenti Fransua Olland, Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy Birleşen Ştatlaryň liderliginde amala aşyrylýan koalisiýa goşulmak bilen “bagyşlanyp bolmajak ýalňyşy” edenlikde aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG