Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri aktiwistine 20 gün berildi


Azerbaýjanyň oppozision “Tanymal front” (AXCP) atly partiýasynyň aktiwisti köpçülikleýin proteste gatnaşandan soň, 20 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Bakuwyň sudy Ruslan Nasirlä garşy karary 8-nji aprelde çykardy.

5-nji aprelde geçirilen proteste gatnaşan partiýanyň beýleki iki agzasy Sadif Kurbanow we Turkel Alisoý hem, 6-njy aprelde aýry-aýrylykda 25 we 30 gün türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Alisoý huligançylykda, Nasirli we Kurbanow bolsa polisiýa garşy çykmakda günäli tapyldylar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň aýtmagyna görä, adam hukuklaryny goraýan guramalar Azerbaýjanyň häkimiýetlerini adam hukuklaryny goraýjylara, syýasy we raýat aktiwistlerine, žurnalistlere we bloggerlere basyş etmekde aýylaýarlar.

XS
SM
MD
LG