Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: Sud zalynda iki adam öldürildi


Italiýanyň häkimiýetleri ýurduň demirgazygyndaky Milan şäherindäki sud zalynda iki adamy atyp öldürmekde güman edilýän adamy tussag etdiler.

Italiýanyň demirgazygyndaky şikaýat sudunyň başlygy Jiowani Kanzionyň (Giovanni Canzio) aýtmagyna görä, 9-njy aprelde şübheli sud zalyna giren mahaly ot açyp, bir kazyny we azyndan başga-da bir adamy öldüripdir.

Italiýanyň içeri işler ministri Angelino Alfano şübheliniň wakanyň bolan ýerinden motosiklli daşlaşandan gysga wagt soň tussag edilendigini aýtdy.

Şübheliniň sud zalyna ýaragy nädip salandygy henize çenli nämälimdigine galýar.

XS
SM
MD
LG