Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Sud edarasyna hüjüm edildi


Owganystanyň demirgazygynda ýaragly adamlar Mazar-e Şarif şäherindäki prokuratura edarasyna hüjüm etdiler.

Polisiýadaky çeşmeleriň we waka şaýat bolanlaryň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, 9-njy aprelde Mazar-e Şarif şäherinde üç ýaragly adam welaýat prokuratura edarasyna girip, howpsuzlyk güýçlerine ot açypdyr.

Olaryň aýtmagyna görä, iki polisiýa ofiseri öldürilip, 10 çemesi prokuror zamun alnypdyr.

Owganystanyň saglyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, wakada ýaralanan azyndan ýedi adam, şol sanda bir çaga keselhana ýerleşdirilipdir.

Metbugat serişdeleriniň maglumatynda hüjümçileriň harby egin-eşikdedigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG