Sepleriň elýeterliligi

1990-njy ýyllaryň başynda «Türkmenistan dünýä näme bilen çykmaly, dünýä bazarynda nädip öz ornuny tapmaly?» diýen soraglaryň daşynda pikir alşylardy. Türkmen hökümeti bu soraga iki onýyllykdan soň, dünýäde nebitiň bahasynyň kesgin aşak düşmegi bilen, gaýtadan dolanmaly boldy.

Azatlyk radiosy türkmen hökümetiniň eksport edilýän harytlary köpeltmek baradaky talaby esasynda, sosial ulgamlardaky okyjylaryna «Türkmenistan haýsy harytlaryny eksport edip bilerdi?» diýen soragy berdi.

Azatlygyň feýsbuk we vkontakte sahypalaryndaky muşdaklary, sag bolsunlar, bu soraga özleriçe jogap bermäge çalşypdyrlar.

Germaniýada türkmen halysy gymmat

Aýdaly, Sonýa Azadowa özüniň Germaniýada okaýandygyny aýdyp, «şu ýerde türkmenleriň halysy gaty ýokary bahadan satylýar, iň arzany 10 müň ýewro» diýýär. Şeýle-de Sonýa dünýäde pagta öndürilmeýän ýurduň kändigini we pagtadan öndürilen önümleriň bahasynyň gymmatdygyny, ýagny haly we pagta önümleriniň Türkmenistan üçin amatly boljagyny öňe sürýär.

Çäreleri bezeýän halylar

Çäreleri bezeýän halylar

Pagta we pagtadan öndürilýän önümleri eksport etmegi Şadmanaý Koçkarowa atly okyjymyz hem goldapdyr. Huşnud Mätýakubow bolsa eksport diýlende diňe türkmen halysyny agzapdyr.

Emma ýurtdan haly çykarmak beýle aňsat görünmeýär. Aşgabatdan öz halylaryny alyp gaýdan 66 ýaşly türkmen raýatynyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistandan haly çykarmak kyn, ýagny munuň üçin halyny muzeýe eltip, milli miras däldigini kesgitletmeli, soň şol ýerde önümiň hili boýunça gümrük salgydyny tölemeli, soň aýeroportda halynyň göwrümi boýunça gümrük tölegini tölemeli.

At eksporty

Derman Döwranow atly okyjymyz halynyň gapdaly bilen türkmen atlaryny hem eksport etmeli diýýär. Berdi Işan bu pikiri biraz ösdürip, türkmen tohum atyny, goýun itini daşary ýurtlara eksport edip boljak zatlar hasaplaýar.
Mergen Babaýewiň pikirine görä bolsa, türkmenler esasan haly, gaz, nebit eksport edip biler.

At üstündäki oýun

At üstündäki oýun

Okyjylarymyzyň arasynda Baýramalyda öndürilýän plotensalary eksport etmeli diýýän hem, ýa-da at eksportyna garşy çykýan hem bar.

Aýdaly, Şemşat atly okyjymyz şeýle diýýär: «Hiý-de bir at eksport edilermi? Walla, ýazmalymyş diýilse... Pagta, öňem şol pagtady, häzirem şol pagta!»
Emma Aziza atly okyjymyz «hiç zadymyzyň eksport edilmegini islämok men-ä» diýýär.

Gaýrat Gurbangeldiýew nebitden, gazdan öndürilýän plastmassa önümleriniň eksport edilmelidigini öňe sürýär, Wepa Akyýew pagta, nebit-gaz, tok bilen bir hatarda gök önümleri, öý haýwanlaryny eksport etmeli diýýär.

'Pil, orak, kätmen we parahorlar' ideýasy

Azatlygyň «Türkmenistan haýsy harytlaryny eksport edip bilerdi?» diýen soragyna kinaýa, ýaňsy bilen jogap beren okyjylarymyz hem bar.
Mysal üçin, Annagylyç Hanow Türkmenistan «pil, orak, kätmen» eksport edip bilerdi diýýär. Gaýrat Gurbangeldiýew bolsa «gum, çäge» diýip, munuň üstüni ýetirýär.

Mila Hatami atly okyjymyz bolsa, «sizi eksport üçin türmä basarlar» diýipdir. Kolýa Iwanow atly okyjymyz Türkmenistan «islemeýän işsiz adamlaryny sataýmaly» diýse, Azat Rahmankulow, Diýar Diýar atly okyjylarymyz «parahorlary» eksport etmeli diýen pikiri öňe sürýär.

Ýöne Babamyrat Gylyç atly okyjymyz bu kinaýaly pikirlere «Oňýalam kiçeltmäň, [Türkmenistan] islese köp zat eder» diýip jogap beripdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG