Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi Ylalaşykdan ätiýaç edýär


Eýranyň Ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi
Eýranyň Ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň Ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi dünýäniň iri döwletleri bilen Tähranyň ýadro programmasy boýunça gelnen ylalaşygyň taslamasyny ne goldaýandygyny, ne-de oňa garşy çykýandygyny aýdýar. Hameneýi ylalaşygyň gutarnykly taslamasyna garaşjakdygyny aýan edýär.

9-njy aprelde ýurduň telewideniýesi arkaly görkezilen çykyşynda Hameneýiniň 2-nji aprelde Lozannada dünýäniň iri alty döwleti bilen gelnen ylalaşyk baradaky ilkinji beýanaty köpçülige ýetirildi.

Eýran we dünýäniň iri alty döwleti Ylalaşygyň soňky görnüşini taýýarlamak baradaky möhleti 30-njy iýun diýip kesgitlediler. Gürrüňi gidýän Ylalaşygyň çäginde Tähranyň ýadro programmasy çäklendirilip, munuň öwezine Eýrana garşy girizilen sanksiýalar gowşadylmaly.

Günbatar ýurtlary Tähranyň ýadro programmasyna duwlanyp, ýadro ýaragyny edinmeginden howatyrlanýarlar. Eýran özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini öňe sürýär.

Eýranda döwlet derejesindäki ähli meselelerde soňky söze eýe bolan Hameneýi Ylalaşygyň häzir “hiç zada borçly etmeýändigini” belläp, onuň soňky detallarynyň kesgitleýji boljakdygyny nygtady.

9-njy aprelde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani hem çykyş edip, Ylalaşygyň baglaşylan güni halkara sanksiýalarynyň ählisiniň aýrylmalydygyny mälim etdi.

Rohani: “Biz Ylalaşygyň güýje girýän güni ähli ykdysady sanksiýalar dolulygyna ýatyrylmasa, hiç hili dokumente gol goýmakçy däldiris” diýdi.

Ol taraplaryň ählisi üçin-de “bähbitli boljak” netijeleri isleýändigini nygtady.

Şol bir wagtda-da ABŞ agzalýan sanksiýalaryň bir gezekde däl-de, eýse tapgyrlaýyn ýatyryljakdygyny açyk aýan etdi.

XS
SM
MD
LG