Sepleriň elýeterliligi

Toýota üç tigirli ulaglary kireýine berýär


Ýaponiýanyň Toyota Motors Corporation kompaniýasy Tokýoda daşky-gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak tagallasy bilen, 10-njy aprelde “i-Road” atly üç tigirli elektrik ulagyny kireýine berip başlaýar. Sürüjiler ulagy ýerleşýän ýerinden alyp, şäheriň dürli künjeklerindäki bäş sebitiň birine tabşyryp bilerler. Bu sebitlerde “i-Road” kysymly ulagy elektrik energiýasy bilen täzeden güýçlendirýän stansiýalar bolar. Üç tigirli ulagyň uzynlygy 2,3 metre, ini 87 santimetre deňdir. Onuň tizligi sagatda 60 kilometre barabardyr. Anna güni hödürlenip başlanjak bu hyzmatyň häzirlikçe 30-njy sentýabrda tamamlanmagy planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG