Sepleriň elýeterliligi

Esenguly: Balykçylyk hojalygyna näme boldy?


Maşynda satylýan balyk

Maşynda satylýan balyk

Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, ýerli önümçiligi güýçlendirmek, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleri köpeltmek talaby güýçlenýär.

Bu bir tarapdan döwrüň talaby bolup eşidilse, ikinji tarapdan Türkmenistanda sowet döwründe öndürilen we öňki sowet respublikalaryna eksport edilen önümlere näme boldy, şol mahalky göreldeli hojalyklar ýa kärhanalar häzir nähili ýagdaýda diýen sowaly hem ýada salýar.

Mysal üçin, sowet ýyllarynda Türkmenistanda balyk öndürýän hojalyklar bolup, türkmen balykçylarynyň tutan balyklary beýleki respublikalara hem eksport edilerdi.

Azatlyk radiosy şeýle balyk hojalyklarynyň biri, Esenguly etrabynda «Sowet Türkmenistany» diýlip atlandyrylan balykçylyk kolhozynyň balykçylarynyň häzirki önümçilik ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Balkan welaýatyny gowy bilýän ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG