Sepleriň elýeterliligi

Ponomarýow: Men syýasy emigrant boljak däl


Ilýa Ponomarýow, 20-nji mart, 2014

Ilýa Ponomarýow, 20-nji mart, 2014

Ilýa Ponomarýow Orsýetiň Döwlet Dumasynyň köp bolmadyk oppozision agzalarynyň biri. Nowosibirskyň wekili bolan çepçi liberal Ponomarew Dumanyň 2014-nji ýylyň mart aýynda Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegine garşy ses beren ýeke-täk agzasydy.

2014-nji ýylyň awgust aýynda Orsýetiň sudynyň karary bilen Ponomarýowa döwlet serhedini kesip geçmek gadagan edildi we bu Moskwanyň daşyndaky "Skolkowo" innowasion merkeziniň maliýeleşdirilmegine degişli meseleler bilen baglanyşdyryldy.

Bu kakaryň Ponomarýowyň ýuduň daşynda bolan wgatynda yglan edilmegi sebäpli ol häzir Orsýete kanun taýdan baryp bilmeýän kanunçykaryjy bolup, täsin ýagdaýda galýar.

Derňew edaralary Ponomarýowy Orsýetiň innowasiýalarynyň ösüşine gönükdirilen leksiýalary okamak we ylmy barlaglary geçirmek üçin "Skolkowo" fondundan 750 müň amerikan dollary möçberde pul almkda aýyplaýarlar. Derňewçiler Ponomarýowyň agzalan işleri alyp barmandygyny aýtdylar, emma deputatyň özi muny ret edýär.

Netijede "Skolkowonyň" suda eden şikaýaty belli bir derejede kanagatlandyryldy. Ponomarýow 2,7 million dollar möçberinde pul tölemäge borçly edildi.

Bu töleg Ponomarýowyň deputat aýlygyndan bölekleýin saklanýar. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Ponomarýow ABŞ-da bolýandygyny aýtdy: “Esasy sebäp – meniň hasaplarym tussag edildi, serhetden geçmegim gadagan edildi, ýagny, men fiziki taýdan dolanyp bilmeýärin”. Bergi maý aýynda gutarnykly üzlüşýär we birnäçe gün mundan ozal Ponomarýow serhet açylan badyna Orsýete dolanmak niýetini mälim etdi, munuň yzýany Baş prokuraturanyň täze inisiatiwasy barada mälim edildi.

7-nji aprelde Döwlet Dumanyň deputatlary Ponomarýowy deputatlyk eldegrilmezliginden mahrum etmek barada ses berdiler we prokuraturanyň Skolkowo bilen baglylykda jenaýat işiniň gozgalmagyna ýol açdylar. Ponomarýowyň ýarym ýyl bäri işe gatnaman aýlyk almagy, deputatlaryň göwnünden turmaýar. Emma onuň deputatlyk statusynyň kanun taýdan ýatyrylmandygy sebäpli Duma öz agzasyny aýlykdan mahrum edip bilmeýär.

Ilýa Ponomarýow AÝ/AR bilen ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndan telefon arkaly söhbetdeş boldy.

AÝ/AR: Ilýa, Dumanyň sizi deputatlyk eldegrilmezliginden mahrum etmek karary bilen baglylykda sizde başga plan barmy?

Ilýa Ponomarýow: Iş ýüzünde, şeýle karar köp bir zady üýtgedip bilmeýär. Deputat eldegrizmezliginden mahrum etmek näme? Bu Baş prokuratura we Derňew komitetine maňa garşy jenaýat işini gozgamaga we derňewleri geçirmäge rugsatdyr. Meniň ýagdaýymyň we hereketlerimiň häsiýeti nukdaý nazaryndan bu hiç zady üýtgetmeýär diýen ýaly. Goý, derňesinler, bu olaryň hukugy. Meni has aladalandyrýan zat sudyň çykaran karary, maý aýynda onuň güýjüniň gutarmagyna umyt baglaýaryn. Federal pristawlaryň, meniň serhetden geçmegimi çäklendirýän karary bar. Ol “Skolkowo” fondunyň öňündäki bergim barada olaryň özleriniň oýlap tapanlarynyň esasynda – emma jenaýat däl-de, graždan prosesiň çäginde - kabul edildi.

AÝ/AR: Geliň, jenaýat işi gozgalyp, sizi gözläp başladylar diýip çak edeli. Siziň tizden-tiz Orsýetiň sud sistemasynyň öňünde jogap bermek kararyna gelendigiňizi çak etsek. Şiziň ýagdaýyňyzdaky şeýle adamy ýurda hatda goýbermän hem bilýärler, şeýlemi?

Ilýa Ponomarýow: Meniň ýagdaýym has gyzykly. Döwlet Dumanyň deputaty, “A” kategoriýaly deputaty Orsýete goýbermeýärler. Bu haýsy-da bolsa derňew astyndaky birini agtarmakdan has gyzykly. Emma, men derňew işlerini geçirmek üçin olar düzgünden çykyp, sud işgärleriniň girizen gadagançylygyny ýatyrarlar, diýip pikir edýärin.

AÝ/AR: Siz özüňize garşy jenaýat işiniň gozgalan ýagdaýynda Orsýete barmakçy bolýarsyňyzmy?

Ilýa Ponomarýow: Men maý aýyna çenli gürrüň etmäge esas ýok, diýip hasap edýärin. Sebäbi, sebäbi suduň çäklendirmesi bar. Soň bolsa, göreris. Jenaýat işiniň gidişine görä, hereket ederin. Meniň pikirimçe, olar meniň aljyramagymy gazanmak üçin howp döretmäge synanyşarlar, emma hakyky ýagdaýlar döredilmez. Emma men ýalňyşýan bolmagym-da mümkin – belki, olar meni hakykatdanam basmak isleýändir. Eger şeýle kararlar kabul edilse, ýa-da olaryň kabul edilme howpy dörese, elbetde, meniň meýletin türmä gitmek niýetim ýok. Men şeýle hereketiň paýhasly bolup biljegini hasap etmeýärin.

AÝ/AR: Näme sebäpden Siz syýasy gaçybatalga sorap, haýsy-da bolsa bir günbatar ýurduna ýüzlenmediňiz?

Ilýa Ponomarýow: Hiç bir sebäpden muny etmerin. Men syýasy emigrant bolmakçy däl. Men bu ýere öz islegim bilen gelmändim. Olar meniň iş saparda bolmagyma bilgeşleýin garaşdylar – meniň üçin serhedi ýapmak üçin. Men – Orsýetiň raýaty, Nowosibirskyň deputaty we mundan beýläk-de bolmakçy bolýaryn. Men olar üçin şeýle lezzet bermerin: başga ýerden pena, graždanlyk sorap, deputat wezipämden el çekmerin.

AÝ/AR: Siz öz daşyňyzdaky kynçylyklara nädip düşünýärsiňiz? Bireýýäm möhleti geçen, diýip hasap edýän işleriňiz näme sebäpden ýene janlandy?

Ilýa Ponomarýow: Meniň pikirimçe, prezidentiň administrasiýasynyň graždan we güýç bölekleriniň arasyndaky göreş möwjedi. Bu göreşe bir taradan FSB, GRU we beýleki güýç edaralary gatnaşýar, başga bir tarapdan – administrasiýanyň “graždan’ işgärleri Wladislaw Surkow we beýlekiler. Bu iş administrasiýanyň “graždan” bölegi barada kompromat gözlemek üçin çykarylýar. Hiç bolmanda iň başynda “Skolkowo” işi hut şunuň esasynda gozgalypdy. Meniň adym gykylaklamak üçin amatly esas berýärdi. Belki-de has ýönekeý düşündiriş hem bardyr: men 10 gün mundan ozal aktiw aýdyp başladym, maýda sud işgärleriniň girizen gadagançylygynyň möhletiniň dolmagyndan soň, Orsýete dolanýandygym barada. Belki, Kremlde kimdir-biri muny eşidip, prokuratura: “Geliň, onuň gelmezligi üçin bir zatlary oýlap tapyň” diýendir.

AÝ/AR: Olara sizi ýurda goýberip, soň türmä basmak has aňsat bolmazmydy?

Ilýa Ponomarýow: Türmä basmak – meni syýasy şehide öwürmeklik bolýar. Alekseý Nawalnyý bilen bagly wakadan soň, meniň pikirimçe olar bu ýoluň dogry däldigine, ýalňyşdygyna, munuň syýasatçylary diňe mahabatlandyrýandygyna göz ýetiren bolmaly. Orsýetiň elitasy mydama “görer gözden uzakda – başymyz rahat!” diýen pähime daýanýarlar. Olar daşary ýurtlarda adamyň islen zadyny edip bilýändigini, sebäbi munuň ýurduň içindäki ýagdaýa örän gowşak täsir ýetirýändigine ynanýarlar.

AÝ/AR: Siziň pikiriňizçe, olar Sizi diňe Dumadaky garaşsyz pozisiýaňyz üçin jezalandyrýarlarmy?

Ilýa Ponomarýow: Elbetde munuň hem güýji bar. Belki-de, men dürli kombinasiýalar we çaklamalar bilen ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýandyryn, emma syýasatda adamlar indiki boljak zatlar barada oýlanmaly we kararlary ilkinji nobatda bir zatlaryň bolup geçmegi ýa-da bolmazlygy üçin kabul etmeli. Meni Orsýete goýbermezlik barada awgust aýynda kabul edilen kararyň esasy sebäbi maňa Ukraina barada ýene bir karar boýunça ses bermezlik islegi bilen bagly bolmagy mümkin. Dumada Ukraina goşun salmak barada ses berişlik geçirmäge taýýarlyk görülýärdi, munuň üçin bar zat taýýardy. Kimdir-biriniň - bu ses berişlik dolulygyna biragyzdan bolmaly – diýen bolmagy ähtimal. Galan zatlaryň netije bolan bolmagy mümkin.

AÝ/AR: Siz, bir ýyl mundan ozal Krymyň Orsýete goşulmagyna garşy ses berendigiňize okunmeýärsiňizmi? Orsýet-ukrain gatnaşyklaryna bolan garaýyşlaryňyz soňky ýylyň dowamynda üýtgedimi?

Ilýa Ponomarýow: Meniň pikirimçe, meniň bir ýyl mundan öň hakly bolandygymy, gynansak-da, iş ýüzünde görüp bolýar. Bir ýyl mundan öň men NATO tarapyndan hereketiň başlanjagy, biziň ukrain halky bilen aramyzyň gutarnykly bozuljagy, urşuň we gandöküşligiň boljagyny aýdypdym. Gynansak-da, bu zatlar boldy. Men örän dogry ses beripdim we edil häzir ýene-de edil şeýle ses bererdim. Men bir zada ökünýän bolsam-da, bu ýyllarboýy häkimiýet bilen barlyşygy, gabat gelýän garaşyşlary gozläp, meseleleri konstruktiw çözmäge synanyşmagymdyr. Köp radikallar munuň wagty boş sarp etmekdigini aýdypdy. Ine-de, Krymdaky, Ukrainadaky ýagdaýlar bilen biziň häkimiýetimiz – radikallaryň hakly bolandygyny subut etdi. Bu sistemany nähili-de bolsa üýtgetmäge, gowulandyrmaga, ylalaşmaga we onuň çäginde hereket etmäge synanyşmagyň manysy ýok.

XS
SM
MD
LG