Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde azyndan üç adam öldi


Owganystanyň gündogarynda janyndan geçen bombaly hüjümçi NATO-nyň ulag kerwenini nyşana aldy, bu wakanyň netijesinde parahat ilatdan azyndan üç owganystanly heläk boldy we başga-da dört sanysy ýaralandy.

Resmileriň aýtmagyna görä, 10-njy aprelde bombaly ulagda edilen bu hüjüm Nangarhar welaýatynyň Jalalabat şäher aeroportunyň golaýyndaky ýolda amala aşyrylypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

9-njy aprelde harby egin-eşikdäki dört “Talyban” söweşijisi Mazar-e Şarif şäherindäki sud edarasyna hüjüm etdi. Owgan howpsuzlyk güýçleri bu edaranyň daşyny alty sagatlap gabawa aldy.

Bu wakanyň netijesinde 10 adamyň öldürilendigi hem-de bäş howpsuzlyk ofiseriniň we başga-da onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG