Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti kasam etdi


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow dördünji möhlet bilen prezidentlik wezipesine girişmek üçin kasam etdi.

Innaugurasiýa dabarasy ýurduň Konstitusion sudunyň başlygynyň, kabinet ministrleriň we daşary ýurt diplomatlaryň gatnaşmagynda 10-njy aprelde özbek parlamentinde geçirildi.

77 ýaşly Karimow, iki möhletden köp prezidentlige dalaş etmegi çäklendirýän konstitusion düzgüne garamazdan, 29-njy martda geçirilen saýlawlarda sesleriň 90%-den gowragyny aldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçileri saýlawlarda Karimowa garşy hakyky garşydaşyň ýetmezçilik edendigini we saýlawlara kanuny we guramaçylykly kemçilikleriň kölege salandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG