Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Ýemen barada rezolýusiýa kabul etdi


Pakistanyň parlamenti Ýemen baradaky rezolýusiýany kabul etdi. Bu rezolýusiýada Ýemendäki ähli fraksiýalara öz agzalalyklaryny parahatçylykly ýollar bilen çözmäge çagyryş edilýär we bu konfliktde Pakistanyň bitarap bolmagy “isleýändigi” aýdylýar.

Pakistanda bir hepdäniň dowamynda deputatlar ýurduň Ýemene harby taýdan goşulyşmazlygy üçin çykyş edensoň, Pakistanyň parlamentiniň agzalary gürrüňi gidýän rezolýusiýany biragyzdan kabul etdiler.

Saud Arabystany Pakistana, Ýemendäki şaýy Hutileriniň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňy basyp ýatyrmak maksady bilen Saudileriň liderligindäki koalisiýa goşulmagy üçin basyş edipdi. Saud Arabystany Pakistandan öz gämilerini, uçarlaryny we goşunyny ugratmagy sorapdy.

XS
SM
MD
LG