Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ilçihanasyna internet hüjümi edildi


Türkmenistanyň Belarusyň paýtagty Minskdäki ilçihanasynyň websaýtyna “Yslam döwleti” atly ekstremist topar bilen ilteşigi bar ýaly bolup görünýän adamlar tarapyndan internet hüjümi edildi.

9-njy aprelde “Turmenistanembassy.by” websaýtynda ýüzi gara örtgüli we kellesinde gara reňkdäki papakly nämälim adamyň ak-gara reňkdäki suraty görünenden soň, oňa girip bolmady. Gürrüňi gidýän adamyň elinde “AK-47” kysymly ýarag bolup, onuň papagynyň ýüzünde arap dilinde “Hudaýdan başga Hudaý ýokdur” diýlen ýazgy ýazylypdyr.

Suratyň ýokarsyndaky tekstde iňlis dilinde “Abdellah Elmagribi tarapyndan internet hüjümi edildi” we rus dilinde “websaýt bejeriş režiminde” diýlen ýazgy ýazylypdyr.

Suratyň aşagyndaky tekstde bolsa: “Abdellah Elmagribi we morokkaly möjek tarapyndan edilen hüjüm. Yslam döwletiniň hüjümçileri (El Moujahidine) tarapyndan siziň howpsuzlyk ulgamyňyz ele salyndy” diýlip ýazylypdyr.

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy internet hüjümi ýaly bolup görünýän bu waka barada henize çenli hiç bir resmi beýanat bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG