Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkek: Üç oppozision aktiwiste hüjüm edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde nämälim hüjümçileriň onlarçasy tarapyndan “Gyrgyzystanyň Milli oppozision hereketiniň” üç agzasyna hüjüm edilip, haýbat atylandygy habar berilýär.

Gürrüňi gidýän sebitiň öňki regional polisiýa başlygy Abdylda Keldibaýewiň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren maglumatyna görä, 9-njy aprelde “Gyrgyzystanyň Milli oppozision hereketiniň” üç agzasy öňki polisiýa başlygynyň öýünde mahaly, onuň öýüne 100 çemesi ýaş adam çozup, gürrüňi gidýän üç aktiwiste hüjüm edipdir.

Keldibaýewiň aýtmagyna görä, hüjümçiler aktiwist Kubanyçbek Kadyrowa, Bektur Asanowa we Ulukbek Mamataýewa duýduryş berip, olara “aýatda diri galmak isleýän bolsalar”, Oşy terk etmegi tabşyrypdyrlar.

Şondan soň, üç aktiwist Oş şäherini terk edip Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad şäherine gidipdir.

XS
SM
MD
LG