Sepleriň elýeterliligi

Polşa uçar heläkçiliginiň bäş ýyllygyny ýatlaýar


Polşa, Russiýada polýak prezidentiniň we başga-da birnäçe ýokary derejeli resminiň heläk bolmagyna sebäp bolan uçar heläkçiliginiň bäşinji ýyl dönümini ýatlaýar.

2010-njy ýylyň 10-njy aprelinde Smolensk şäheriniň golaýynda bolan uçar heläkçiliginde jemi 96 adam, şol sanda Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiý (Lech Kaczynski), onuň aýaly, ýurduň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy, ýokary derejeli armiýa komandirleri we ýokary derejeli beýleki resmiler heläk boldy.

Ýokary derejeli polýak delegasiýasy Ikinji jahan urşunda Polşanyň harby ofiserleriniň Sowet gizlin gulluklarynyň agzalary tarapyndan öldürilmeginiň ýyl dönümini ýatlamak üçin Russiýa sapar edipdiler.

Polşanyň derňewçileri mundan bäş ýyl öň bolan uçar heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy barada derňewleri heniz hem dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG