Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi aziýaly medikler Ýemenden gaçýar


Ýemen, Sanaa, 8-nji aprel, 2015
Ýemen, Sanaa, 8-nji aprel, 2015

Ýemendäki halas ediş tagallalaryna garamazdan, merkezi aziýaly saglyk işgärleriniň ýüzlerçesi uruş-gowga gaplanan ýurtdan çykyp bilmän galýar.

Rus uçarlary soňky günlerde onlarça orsýetlini, şol sanda täjigistanly, özbegistanly, gyrgyzystanly şepagat uýalaryny, doktorlary Ýemenden alyp çykdy. Emma konfliktiň möwjemegi netijesinde, howa we deňiz arkaly amala aşyrylýan ewakuasiýa işlerine garamazdan, Ýemenden maşgalasy bilen çykyp bilmän galýan saglyk işgärleri hem bar.

Merkezi Aziýa respublikalary, huti pitneçileriniň ýurduň köp bölegini ele geçirmegi bilen dörän baş-başdaklyk zerarly, öz raýatlaryny Ýemenden çykmaga çagyrýar. Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy pitneçileri bilen saudlylaryň ýolabaşçylygyndaky howa zarbalaryna daýanýan hökümetçi güýçleriň arasynda gazaply söweş gidýär.

Saglyk işgärleri gündelik urulýan howa zarbalary, bombalar astynda, ýurduň dürli ýerlerinde barýan ýaragly söweşler netijesinde öldürilmek, ýaralanmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

"Bu ýerdäki her hassahanada üç ýa dört özbek bar» diýip, özbegistanly doktor Akbar aýdýar. Ol soňky dört ýylda Ýemende işläpdir.

"Biziň aramyzdan käbirleri aeroporta gitdi we şol ýerde dört gün bolup, Ýemenden uçýan uçara münüp bilmedi» diýip, ol Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy. "Bize 6-njy apreldäki uçaryň soňky uçar boljagyny aýtdylar, emma biz munuň çyndygyny bilmeýäris."

Ýemendäki özbegistanlylaryň anyk sany belli däl. Hasaplamalara görä, olar birnäçe ýüzden 3000 çemesi adama barabar.

Daşkentde bir özbek doktorynyň gyzy, adynyň aýdylmazlygyny sorap, ejesiniň soňky hepdelerde asmandan urulýan howa zarbalarynyň sahnasyna aýlanan Sanaadan, Ýemeniň paýtagtyndan çykyp bilmän galandygyny aýtdy.

"Ejem maňa özüniň ol ýerden çykyp bilmeýändigini, sebäbi uçaryň gonup bilmeýändigini, aeroportyň hüjüm astyndadygyny aýtdy» diýip, ol Azatlyk radiosynyň özbek gullugyna gürrüň berdi. «Ol menden alada etmezligi sorady. Biziň ýerli telewideniýämiz bu mesele barada hiç zat aýtmaýar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Yza gaýtmak gorkusy

Ýemende işleýän merkezi aziýaly doktorlaryň we şepagat uýalarynyň köpüsi ol ýere rus kompaniýalarynyň üstünden alnan şertnamalar esasynda giden adamlar. Özbek saglyk işgärleriniň käbiri ol ýerden ewakuasiýa edilmegine göwünjeň däl, sebäbi olar Ýemene Orsýetiň üstünden bikanun, hökümet rugsadyny alman barypdyr. Bu jenaýat bolup, yzlarynda olara 12 ýyla çenli türme tussaglygy howpuny salýar.

Kanuny yzarlanmalardan başga, merkezi aziýaly saglyk işgärlerini bu ýerde galmaga itekleýän ýene bir ýagdaý bar, olar işlerini ýitirmek islemeýärler. Sebäbi işlerini ýitirseler, olara uly maliýe kynçylygy garaşýar.

Merkezi Aziýa respublikalaryndan ýemene baran doktoryň ortaça aýlygy 100 dollar töweregi. Emma doktorlar Ýemende, mugt jaý we beýleki ýeňillikler sebäpli, aýda azyndan 600 dollar gazanyp bilýärler. Olaryň köpüsi yzda galan maşgalalaryna pul iberýär.

Saglyk işgärleriniň arasynda uruş-gowga garamazdan öz işlerini dowam etdirmek isleýänler hem bar.

Şolaryň biri hem gyrgyzystanly Nurbek Israliow, ol günortadaky port şäher Adeniň 70 kilometrliginde, gazaply söweşleriň gidýän ýeri bolan Saýýam şäherinde işleýär.

Israilow, töwekgelliklere garamazdan, özüniň Ýemeni terk etmejegini aýdýar.

"Bu bir içki konflikt we ýerli adamlar bir-biri bilen uruşýar. Doktorlaryň oňa dahyly ýok. Men Ýemende işleýän 20 çemesi gyrgyzy tanaýaryn, olar esasan uruş-gowgaly günortada sebitde işleýärler» diýip, Israilow aýdýar. Emma bu ýerden gaýtjak bolýanlar hem kän.

"Katardaky täjik ilçihanasy bize goňşy Omana gidiň diýdi» diýip, Ýemende on ýyl bäri işleýän täjik doktory Hadiýa Dodojanowa aýdýar. «Emma Saud Arabystany bize gitmäge rugsat bermeýär. Biz awtobusly Mahrah welaýatyna [Oman bilen serhetde] gitdik."

Ol 30 çemesi täjik doktorynyň arasynda, maşgalalary bilen, biraz howpsuz ýer bolan Mahraha gaçyp atandyklaryny gürrüň berýär.

Katardaky täjik ilçihanasy Ýemende häzirki söweş başlamazdan öň 200 çemesi täjik saglyk işgäriniň bolandygyny çaklaýar. Olaryň 100 çemesi Orsýet tarapyndan ewakuasiýa edilip, öýlerine geldi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG