Sepleriň elýeterliligi

"400 adam işsiz galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar”


Türkmen işçileri.

Türkmen işçileri.

Lebap welaýatyndaky “Lebap burawlaýyş” kärhanasynyň ýapylýandygy we 400-den gowrak adamyň işsiz galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.

Bu edaranyň adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir işgäriniň aýtmagyna görä, mart aýynda gürrüňi gidýän kärhananyň igärlerine edaranyň ýapylyp, ondaky enjamlaryň Mary welaýatyndaky "Şatlyk burawlaýyş" kärhanasyna geçiriljekdigi resmi taýdan mälim edilipdir.

Şol bir wagtyň özünde Azatlyk Radiosyna bu mesele barada gürrüňi gidýän kärhananyň resmilerinden maglumat almak başartmady.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG