Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama bilen Kastro el gysyşdy


Panama, prezident Raul Kastro (Ç) amerikan kärdeşi Barak Obama bilen, 10-nji aprel, 2015 ý.

Panama, prezident Raul Kastro (Ç) amerikan kärdeşi Barak Obama bilen, 10-nji aprel, 2015 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Kubanyň prezidenti Raul Kastro 10-njy aprelde Panamada, Amerikalar sammitinde duşuşyp, el gysyşdy.

Obama bilen Kastronyň Panama şäherindäki sammitiň açylyş dabarasynda, liderleriň kiçiräk toparynyň içinde gürleşip duran suraty hem peýda boldy.

Ak tamyň resmisi bu iki syýasatçynyň görşüp, gysga wagt gürleşendigini tassyk etdi.

"Bu bir näresmi görüşme we ol ýerde iki lideriň arasynda uly bir gürrüň bolmady» diýip, ol aýtdy.

Obama bilen Kastronyň 11-nji aprelde gaýtadan duşuşmagyna we iki ýurduň arasynda doly diplomatiýa gatnaşyklaryny dikeltmek, söwda we syýahat mümkinçiliklerini ösdürmek tagallalary barada gepleşmegine garaşylýar.

Obama bilen Kastro diplomatiki gatnaşyklary dikeltmek baradaky planlaryny dekabrda yglan etdiler.

Birnäçe näresmi görüşme diýmeseň, Kastronyň agasy Fidel 1959-njy ýylda ABŞ-nyň goldaýan diktatory Fulgensio Batistany agdaraly bäri, ABŞ bilen Kuba liderleriniň arasynda düýpli bir duşuşyk bolmady.

Şu arada, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 9-njy aprelde, Panama şäherinde Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriguez bilen ýapyk gapylaryň arkasynda gepleşik geçirdi. Bu iki ýurduň baş diplomatlarynyň arasynda 1958-nji ýyldan bäri geçirilen ilkinji duşuşykdyr.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň uly derejeli resmisi munuň «uzak we örän konstruktiw (gurujy) diskussiýa» bolandygyny we olaryň progres, ýagny öňegidişlik edendigini aýtdy.

Kolombiýanyň prezidenti Juan Manuel Santos Obamanyň Kuba bilen gatnaşyklary ilerletmäge itergi bermesini goldap, munuň regiona azar berýän “çişden” dynmaga kömek etjegini aýtdy.

Dissidentler çetleşdirilýär

Emma muňa garamazdan, kubaly dissident Guillermo Farinas Kubadaky raýat toparlarynyň gepleşiklerden çetleşdirilendigini aýtdy we Obama ýüzlenip, özleriniň demokratiýa tagallalaryna kömek berilmegini sorady.

"Kuba hökümeti hoşniýetlilik görkezmeýär... Olar hiç hili eglişik etmek islemeýärler» diýip, ol «Roýters» habar gullugyna aýtdy.

Obama kommunistler tarapyndan dolandyrylýan Kubany ABŞ-nyň terrorçylara howandarlyk edýän ýurtlar sanawyndan aýyrmaga golaý ýaly görünýär.

Amerikan Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň aýtmagyna görä, Döwlet departamenti indi Kubanyň terrorizm sanawyndan aýrylmagyny maslahat berýär.

Obamanyň bu pikir bilen ylalaşmagyna garaşylýar, emma munuň haçan boljagy aýdyň däl.

Terrorizm sanawynda bolmak awtomatiki ýagdaýda bir topar ABŞ sanksiýasy bilen ýüzbe-ýüz edýär we Kuba bu meselä gaýtadan seredilmegini diplomatiki gatnaşyklaryň dikeldilmeginiň bir şerti edip goýýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG