Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Doganlygyň» lideri ölüme buýruldy


Müsür sudy bikanun diýlip yglan edilen «Musulman doganlygynyň» lideri Muhammad Badini we bu toparyň ýene 13 uly agzasyny, baş-başdaklyga we zorluga meçew bermekde günälii tapyp, ölüme höküm etdi.

Sudýa bu hökümi 11-nji aprelde, telewideniýede görkezilen sud sessiýasynda yglan etdi.

Şeýle-de sud ABŞ-Müsür raýaty Muhammad Soltany ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi, ol bu topary goldamakda we ýalňyş habarlary geçirmekde günäli tapyldy.

Bu adamlar 2013-nji ýylda yslamçy prezident Muhammad Morsi agdarylandan soň tutulan müňlerçe adam bilen tutulypdy.

XS
SM
MD
LG