Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: hytaý aktiwistlerini azat etmeli


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri mart aýynda Halkara aýallar gününden öň tutulan bäş hytaý zenanyny azat etmäge çagyrdy.

Kerriniň 10-njy aprelde ýaýradan beýanatynda ol aýallaryň jynsy süýkenmeleriň soňuna çykylmagy we aýallaryň deň hukuklardan peýdalanyp bilmegi üçin parahat kampaniýa gurnandygy aýdylýar.

Ol «hytaý häkimiýetleri bu hili aktiwistleri goldamaly, olary ýuwaşatmaly däl» diýdi.

Hytaýyň daşary işler ministrligi ol bäş aýalyň boşadylmagy baradaky halkara çagyryşlary ret etdi we muny döwletiň ýuridiki özbaşdaklygyna gatyşmak hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol bäş aýal Pekindäki tussaghanada saklanýar we bidüzgünçilik döretmekde aýyplanýar. Eger günäli tapylsalar, olara üç ýyla çenli tussaglyk garaşýar.

XS
SM
MD
LG