Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrany tankyt edýär


ABŞ BMG-niň hukuk guramasynda Eýranda aýallaryň hukuklarynyň bozulmagyny tankyt etdi.

Eýran 10-njy aprelde mümkin bolan 56 sesden 36-syny alyp, BMG-niň Aýallar geňeşine saýlanyldy.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samanta Power sesleriň az bolmagy Eýranda aýallaryň hukuklarynyň bozulmagy babatdaky çuň aladany görkezýär diýdi. BMG-niň Aýallar geňeşi 2010-njy ýylda, gender deňligine we aýallaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge itergi bermek maksady bilen döredildi.

"Eýranda aýallaryň hökümet wezipelerini eýelemegi kanun taýdan gadagan, ol ýerde öýdäki zorluklara garşy kanun ýok, biwepalyk daşlap öldürmek bilen jezalandyrylýar, bu ýagdaý Eýranyň BMG-de Aýallaryň hukuklary baradaky guramada ýolbaşçy rola eýe bolmagyna düýpden laýyk gelmeýär» diýip, Power aýtdy.

XS
SM
MD
LG