Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protest bildirilýär


Tähranda Saud Arabystanyna garşy ýüzlerçe adam proteste çykdy, olar Saud aýeroportynda eýranly zyýaratçylaryň iki sanysyna azar berlendigini aýdýarlar.

«Associated Press» 300-den gowrak protestçiniň 11-nji aprelde Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasynyň ýapylmagyny talap etmek üçin, onuň öňüne toplanandygyny habar berýär.

Protestçiler bu ýere hökümetiň gadagançylygyna garaman gelipdirler.

Demonstrasiýaçylar saud ýolbaşçylarynyň maşgalasyny nazara alyp, «Utanyň», «Saudlylaryň öýüne ölüm» diýip gygyrdylar.

Bu demonstrasiýa saud ofiserleriniň, hamala Jidda halkara aeroportunda eýranly zyýaratçylaryň iki sanysyna azar berendigi baradaky habardan soň guraldy.

Bu wakanyň detallary köpçülige aýan edilmedi, emma Eýran saud ofiserleriniň jezalandyrylmagy barada resmi çagyryş etdi.

Bu waka Eýranda gahar-gazap döretdi we käbir deputatlar, dini liderler Saud Arabystanyna kiçi zyýaratlaryň gurnalmagynyň togtadylmagyna çagyrdy.

XS
SM
MD
LG