Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 20 adam öldürildi


Pakistan resmileri ýaraglary adamlaryň Bulujystan welaýatynda bir gurluşyk gidýän ýere hüjüm edip, 20 adamy öldürendiklerini, 3 adamy bolsa ýaralandyklaryny aýdýarlar.

Resmiler ýaragly adamlaryň 11-nji aprel güni irden Turbat etrabynyň Gobdan diýen ýerinde, gaçy gurluşygynyň golaýyndaky zähmet lagerine hüjüm edendiklerini aýtdylar.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, öldürilenleriň 16-sy Panjap welaýatyndan, 4-si bolsa Sindh welaýatyndan.

Bu hüjümi kimiň amala aşyrandygy anyk bolman galýar..

XS
SM
MD
LG