Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sanksiýalary we türkmenler


Eýranly türkmen
Eýranly türkmen

Şweýsariýada 2-nji aprelde, dünýäniň iri alty döwleti bilen Eýranyň arasynda gelnen deslapky ylalaşyga görä, Tährana garşy girizilen we onlarça ýyldan bäri dowam edýän ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagy mümkin.

Elbetde, bu 30-njy iýuna planlaşdyrylýan gepleşikleriň jemleýji tapgyrynyň netijesine bagly bolar.

Bu sanksiýalar tutuş ýurda bolşy ýaly, sany 3 million töweregi diýilip çaklanýan eýranly türkmenlere hem öz täsirini ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda Eýrana garşy ulanylan sanksiýalaryň ol ýerdäki etniki türkmenlere ýetiren täsirine we häzirki gelnen ylalaşyga türkmen wekilleriniň garaýyşlaryna nazar salynýar.

Gepleşigi diňläp, pikirleriňizi paýlaşsaňyz, sizden örän hoşal bolarys.

Eýran sanksiýalary we türkmenler
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG