Sepleriň elýeterliligi

Eýranda 500 tonna neşe tutuldy


Eýran Owganystandan bikanun çykarylýan neşe maddalarynyň esasy ýolunda ýerleşýär we geçen ýyl bu ýurtda tas 500 tonna neşe maddasy tutuldy diýip, neşe maddalaryna garşy polisiýanyň başlygy aýtdy.

General Ali Moaýedi 2015-nji ýylyň martyna çenli, 12 aýda tutulan neşe maddalarynyň 390 tonna tirýekden we 10 tonna geroinden ybarat bolandygyny aýtdy.

Ol neşe gaçakçylaryna garşy gurnalan operasiýalarda 93 neşe gaçakçysynyň öldürilendigini, 10 ofiseriň wepat bolandygyny aýtdy.

Eýran häkimiýetleri 2013-nji ýylyň martyndan 2014-nji ýylyň martyna çenli aralykda ýurt boýunça 573 tonna neşe tutdular.

Eýran özüniň Owganystan we Pakistan araçäginiň boýunda, neşe gaçakçylaryny togtatmak üçin, 700 million dollarlyk (1,800 kilometr) diwar gurýar.

Eýranda 75 million ilatyň 1.3 millionynyň neşekeşdigi aýdylýar we neşe gaçakçylary, günäli tapylsa, ölüme höküm edilýär.

XS
SM
MD
LG