Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pop ermenileriň öldürilmegine 'gyrgyn' diýýär


Pop Fransis
Pop Fransis

Pop Fransis betbagtçylygyň 100 ýyllygyna gabat geçirilýän Ýekşenbe ýygnanyşygynda osmanly esgerleriniň I Jahan urşy döwründe ermenileri köpçülikleýin öldürmegini "gyrgyn" diýip atlandyrdy.

Pop merhemetli Piter ybadathanasynda guralan dini çärede "Biziň adamzat maşgalamyz geçen asyrda üç sany köpçülikleýin we görülmedik betbagtçylygy başdan geçirdi. Olaryň birinjisi, «20-nji asyryň ilkinji gyrgynçylygy hasaplanýany», siziň öz ermeni halkyňyzyň başyndan indi" diýdi.

Fransis Jon Pol II bilen ermeni patriarhynyň 2000-nji ýyldaky beýanatynyň bir bölegini sitirleýärdi. Bu beýanat şol wagt Türkiýäniň ýiti reaksiýasyna sebäp bolupdy.

Pop Fransis şeýle diýdi: "Şeri ýaşyrmak ýa inkär etmek ýarany saraman, ganadyp goýan ýaly bir zat bolýar."

Pop 12-nji aprelde, ermeni katolik däplerini hem öz içine alan dini çärede ermeni patriarhy Nerses Bedros XIX Tarmouni bilen goşulyşdy.

Bu çärä ermeni prezidenti Serž Sarkisýan hem gatnaşdy.

Türkiýäniň reaksiýasy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi 12-nji aprel güni giçlik Watikanyň Ankaradaky wekilini çagyryp, pop Fransisiň "gyrgyn" sözüni ulanandygy üçin düşündiriş sorady.

Ministrlik popuň aýdan sözlerinden "juda lapykeç we gamgyn" bolandygyny aýtdy.

Mundanam başga, ministrlik popuň musulmanlaryň we beýleki dini toparlaryň çeken jebirlerini görmezlige salýan "bir taraply gürrüňe" goşulandygyny aýtdy.

Şeýle-de ministrlik popuň bu teswirleriniň onuň geçen ýylyň noýabrynda Türkiýä eden wajyp sapary mahalynda eden "parahatçylyk, ýaraşyk we dialog ündewüne ters gelýändigini" belledi.

Ermeni kampaniýasy

Ermeniler 1915-1917-nji ýyllar aralygynda, Osman imperiýasy böleklere bölünýän wagty 1.5 million çemesi etniki ermeniniň gyrgyna berlendigini aýdýar.

Ermeniler bu köpçülikleýin öldürmeleriň halkara derejesinde «gyrgyn» diýlip ykrar edilmegi üçin ýyllarboýy kampaniýa alyp barýarlar.

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi bu köpçülikleýin öldürmeleri «gyrgyn» diýip resmi taýdan ykrar etdi.

Birleşen Ştatlar, 44 ştaty bu wakalary «gyrgyn» diýip ykrar eden hem bolsa, olara eýermedi. Onsoň respublikan we demokrat kanunçykaryjylar prezident Barak Obamany ermenileriň öldürilmegini «gyrgyn» diýip ykrar etmäge çagyrýan rezolýusiýa hödürlediler.

Ermenistan bu gyrgynçylygyň ýyl dönümini resmi taýdan 24-nji aprelde belleýär.

Pop geçen 100 ýyldaky beýleki iki gyrgynçylygyň nazism we stalinizm tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy, ýöne ol golaýraklarda başga-da köpçülikleýin adam öldürmeleriň bolandygyny agzap, Kambodiýany, Rwandany, Burundini we Bosniýany ýatlady.

Ol «adamzat bigünä gan dökmekden saklanmaga ukypsyz ýaly» diýdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG