Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhda ilkinji gezek hassanyň kellesi çalşylar


Gazeta.ru
Gazeta.ru

Russiýaly bir maýyp kompýuter programmaçysy taryhda ilkinji gezek kellesi çalşylan adam bolmaga razylyk bildirdi.

Waleriý Spiridonowyň kellesini başga bedene oturtjakdygyny bolsa italiýan hirurgy Serjo Kanawero aýan edýär.

30 ýaşyndaky Spiridonowyň bedeni ysmaz ýagdaýda we ol maýyp arabasynda gezýär.

Emma ol, özüniň aýtmagyna görä, ölmezden owal başga bedene eýe bolmak mümkinçiliginden peýdalanmak isleýär we şeýle diýýär: "Meniň başga çykalgam ýok. Şeýle pursaty elden bermek islämok. Saglyk ýagdaýym barha ýaramazlaşýar".

Spiridonowyň aýtmagyna görä, ol entek italýan hirurgy bilen görüşmändir, ýöne diňe Skype prorammasynyň üsti bilen internetde gepleşipdirler.

Dürli garaýyşlar

Emma italýan lukmanynyň şeýle tagallasyna ylmy jemgyýetde dürli garaýyşlar bar.

Amerikanyň beýni hirurglary jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hant Bletter CNN-e beren interwýusynda: "Men hiç kimiň şeýle operasiýany başdan geçirmegini islemezdim. Ýagny, ölümden hem beter ýagdaýlar bar" diýýär.

Onuň aýdanlaryndan çen tutylanda, haýwanlarda geçirilen synaglaryň netijeleri edil şeýle operasiýanyň adamda oňaýly netije berjekdigine güwä geçmeýär.

Mälim bolşuna görä, häzire çenli syçanlarda, hatda maýmynlarda şeýle synag operasiýasy geçirilipdir. Ýöne olar operasiýadan soň kän ýaşap bilmändirler. Maýmyn 8 günden soň ölüpdir.

Italýan hirurygynyň aýtmagyna görä bolsa, oňa kelläniň çalşyrylmagy bilen bagly mümkinçilikler bilen gyzyklanyp ýüz tutýanlar gaty köp.

Operasiýanyň bahasy $11 million

Spiridonow bilen baglanyşykly planlaşdyrylýan operasiýanyň bahasy 11 million dollar bolar.

Kellesi çalşyljak adam beýni ölen, ýöne galan organlary ýaşaýan hassa bolar. Ýagny, munyň üçin gerekli donor awtoulag heläkçiligine uçran ýa-da ölüm jezasy berlen tussag bolup biler.

Operasiýanyň yz ýanyndan Spiridonow boýun damarlary doly utgaşar ýaly 4 günläp emeli ýaşaýyş, ýagny koma ýagdaýynda saklanar.

Şol bir wagtyň özünde oňa beden bilen çalşylan kelläniň arasynda utgaşyksyzlyk bolmaz ýaly immunodepressant sanjymlary ediler.

Spiridonowyň keseli

Spiridonow gaty seýrek duş gelinýän Werdink-Hoffman atly kesele uçran. Bu keselde myşsalaryň günsaýyn kiçelmegi hassanyň ýagdaýyny hasam erbetleşdirýär. Oňurga ýiliginiň öýjüklerinde hem oňaýsyz üýtgemeler ýüze çykýar. Şeýle kesele uçran çagalar ölýär. Bu kesel adamyň dem alyş ýollaryny we ýüz myşsalaryny hatardan çykarýar.

Spiridonow: "Häzir men 30 ýaşymda. Öz bedenimi kynlyk bilen duýýaryn. Gymyldajak bolsam, hökman kömege mätäç. Şeýle kesele uçranlar adaty ýagdaýda 20 ýaşyna ýetmän ölýärler" diýip gürrüň berýär.

Kanaweronyň bellemegine görä, eger operasiýa şowly bolsa, onda hassa hereket edip, owalkysy ýaly gepläp, öz durkuny duýup biler. Fizioterapiýa bilen ony 1 ýylda aýaga galdyrmak mümkin.

Emma italýan lukmanynyň kelle we oňurga nerwlerini birleşdirmek planlaryna şübhe bilen garaýanlaryň sany hem az däl.

Hatda ony Golliwud filmlerindäki ölini direltmek isleýän awantýurist lukman Frankenşteýne deňeýänlerem bar...

XS
SM
MD
LG