Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan $64 millionlyk önüm satdy


Türkmen metbugaty şu hepde ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 32 söwda geleşiginiň bolandygyny habar berýär.

Orsýetden, BAE-den, Singapurdan, Owganystandan we Niderlandiýadan gelen işewürler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen polipropilen, awtobenzin, awiasiýa kerosini, dizel ýangyjy ýaly zatlary daşary ýurt walýutasyna satyn alypdyrlar.

Bulardan başga, arassalanan pagta ýagynyň, pagta süýüminiň, sarja goýunlarynyň ýüňüniň satynlandygy aýdylýar.

Bu önümler Angliýa, Şweýsariýa, Singapur, Belgiýa ýaly ýurtlar tarapyndan satyn alnypdyr. Söwdanyň umumy möçberiniň 64 million 626 müň dollar bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG