Sepleriň elýeterliligi

Koreý ilçihanasyna hüjüm edildi


Ýaragly adamlar Günorta Koreýanyň Tripolidäki ilçihanasyna hüjüm edip, iki garawuly öldürdiler, üçünjisini bolsa ýaraladylar.

Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi 12-nji apreldäki hüjümde ilçihananyň işgärleriniň hiçisiniň ýaralanmandygyny aýtdy.

Hüjümçiler ilçihana maşynly gelip, howlyny oka tutdular. Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi nyşananyň ilçihanamy ýa-da garawullar bolandygy belli däl diýdi.

Liwiýada 2011-nji ýylda Muammar Kaddafiniň režimi agdarylaly bäri onlarça ýaragly topar ýurdy durnuksyzlaşdyrmagy dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG