Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakerler "Al-Alamy" aljyradýar


Hakerler 12-nji aprelde Eýranyň arap dilindäki «Al-Alam» telekanalynyň sosial media sahypalaryna hüjüm edip, saudlylaryň ýolbaşçylygynda ýemenli pitneçilere garşy urşy goldaýan we pitne lideriniň öldürilendigini aýdýan habar ýerleşdirdiler.

«Al-Alam” özüniň twitter hasabyna we YouTube sahypasyna edilen hüjümiň arkasynda Saud Arabystanynyň durandygyny aýtdy.

Hakerler Eýranyň goldaýan pitneçi lideri Abdulmalik al-Hutiniň ölendigini aýdyp, «Al-Alamyň» Ýakyn Gündogardaky habarçylary barada jikme-jik maglumat çap edipdirler.

Şeýle-de olar döwüp giren sahypalarynda saud patyşasy Salmany öwýän aýdym ýerleşdiripdirler.

XS
SM
MD
LG