Sepleriň elýeterliligi

Hakasiýada 100 bina ýandy


Orsýetiň günorta Sibirdäki Hakasiýa regionynda turan ýangyn güýçli ýel netijesinde 100-den gowrak binany ot-ýalna berdi.

Ýerli resmiler kimdir biriniň bikanun ot ýakmagy netijesinde turan ýangynyň ilatly punktlaryň 16-syna, dört etraba täsir ýetirendigini aýtdylar.

Azyndan 15 adamyň ýaralanandygy, olaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Ýanan binalaryň 70 çemesi ýaşaýyş jaýy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 50 çemesi ýangyn söndüriji maşynyň, 500 çemesi ýangyn söndürijiniň eýýäm ol ýere barandygyny aýdýar.

Şeýle-de bu ýere üç sany ýangyn söndüriji uçaryň we iki sany dikuçaryň iberilýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG