Sepleriň elýeterliligi

Tähran ýemen 'geňeşçiligini' ret edýär


Eýran iki sany harby geňeşçisiniň 10-njy aprelde Ýemeniň Aden şäherinde ýerli milisiýa tarapyndan tutulandygy baradaky habarlary ret edýär.

«Fars» habar gullugy Daşary işler ministrliginiň ady aýdylmadyk resmisine salgylanyp, 11-nji aprelde bu habarlaryň dogry däldigini, sebäbi «Eýranyň Ýemende harby güýçleriniň ýokdugyny» aýtdy.

Habarlara görä, Ýemeniň söweş ýagdaýyndaky prezidenti Abd-Rabuu Mansour Hadä ygrarly söweşijiler şaýylardan ybarat hüti pitneçilerine geňeş berýän iki eýranlyny tutandyklaryny aýdýarlar.

Olar tutulan ofiserleriň biriniň polkownik, beýlekisiniň bolsa kapitan çininiň bardygyny, olaryň Eýranyň saýlama Rewolýusiýa gwardiýasyna degişlidigini aýtdylar.

Tähran huti pitneçilerine harby goldaw berýändigini inkär edýär.

Hutileriň Ýemendäki ilerlemesi saudlylaryň ýolbaşçylygynda howa zarbalarynyň urlup başlamagyna alyp geldi.

XS
SM
MD
LG