Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kastro bilen duşuşygy 'taryhy' atlandyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 50 ýyl gowrak wagtdan soň iki ýurduň arasyndaky ilkinji ýokary derejeli gepleşiklerde Kubanyň prezidenti Raul Kastro bilen duşuşdy.

Obama Kastro bilen Amerikalar sammiti mahalynda bolan hususy görüşmesini «taryhy» diýip atlandyrdy we bu iki ýurduň Sowuk uruş zamanyndaky antagonizmi soňlap biljekdigini aýtdy.

Emma Obama özüniň kommunistleriň ýolbaşçylygyndaky ýurda demokratiýa we adam hukuklary meselesinde basyş görkezmegi dowam etdirjegini hem sözüne goşdy.

Ol bu ýerde iki hökümetiň arasynda «çuň we düýpli tapawutlaryň» boljagyny, özüniň Kubada demokratiýa we adam hukuklary meselesini gozgajagyny, Kastronyň bolsa ABŞ-nyň syýasatlaryny tankytlajagyny aýtdy.

Bu iki syýasatçy dekabrda 1961-nji ýylda Waşington tarapyndan kesilen gatnaşyklary dikeltmek synanyşygy barada ylalaşyga geldi.

XS
SM
MD
LG