Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran türkmen serhediniň golaýynda tebigy gaz gözleýär


Eýranyň Hazar boýunça milli nebit kompaniýasynyň başlygy Ali Osuli ýurduň Türkmenistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Golestan welaýatynda tebigy gaz resurslaryny gözlemek boýunça täze gözleg işleriniň geçirilýändigini mälim etdi.

“Eger bu gözleg işleri degerli netije berse, onda goňşy ýurtlardan tebigy gaz import etmek zerurlygy aradan aýrylar” diýip, Osuli aýtdy.

Osuli gözleg işleriniň netijesinde tebigy gaz resurslarynyň 90% gözlenip-tapylmagyna garaşylýandygyny, 10-njy aprelde Eýranyň “Fars” habar gullugyna beren maglumatynda belledi.

2015-nji ýylyň 21-nji marty bilen 2016-njy ýylyň 20-nji marty aralygynda geçiriljek gözleg işleri çylşyrymly bolmasa, bu baradaky netijeler ýakynda mälim ediler diýip, Osuli aýdýar.

Eýran Türkmenistandan import edýän tebigy gazyň möçberini geçen ýylyň güýz paslynda artdyrypdy.

XS
SM
MD
LG