Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Zarif “YD”-ä garşy göreşmäge çagyrdy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Gazagystana edýän saparynyň dowamynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy hyzmatdaşlyk etmäge zerurlygyň bardygyny nygtady.

13-nji aprelde Astanada Zarif, gürrüňi gidýän ekstremist toparyň abandyrýan howpy barada gazak daşary işler ministri Ýerlan Idrisow bilen geçiren gepleşiklerinde maslahat etdi.

Zarif Siriýanyň we Yragyň käbir böleklerine kontrollyk edýän söweşiji toparyň öz täsirini Owganystanda hem artdyrandygyny aýtdy. Gazagystanyň Owganystan bilen üç goňşusy serhetleşýär.

Şeýle-de, duşuşykdan soň Zarif we Idrisow žurnalistlere beren maglumatynda gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklaryň, söwdanyň, regional howpsuzlyk meseleleriniň maslahat edilendigini bellediler.

Zarifiň Gazagystana edýän bu saparynyň dowamynda gazak prezidenti Nazarbaýew bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG