Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow G.Koreýa sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýa edýän resmi iş saparynyň dowamynda prezident Park Geun-hye bilen duşuşdy.

Şol bir wagtyň özünde, 13-nji aprelde türkmen prezidenti Günorta Koreýanyň Daegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä Suw forumyna gatnaşdy. Ol bu forumda eden öz çykyşynda Türkmenistanda suwdan tygşytly peýdalanmak ugrunda uly işleriň edilýändigini habar berdi we bu ugurdan halkara tagallalaryny güýçlendirmek üçin käbir teklipleri öňe sürdi.

Hususanda Berdimuhamedow “suw diplomatiýasyny”, ýagny suw çeşmelerini dikeltmek we olardan paýhasly hem tygşytlamak bilen bagly problemalara seretmek ugrunda köptaraplaýyn we yzygiderli dialog alyp barmagy nygtady.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti Suw forumyndan soň, Günorta Koreýanyň prezidenti Park Geun-hye bilen Seuldäki mawy köşkde duşuşdy. Iki lideriň gepleşiklerinde iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň maslahat edilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG