Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibir: Ýangynda 15 adam heläk boldy


Russiýanyň Hakasiýa regionyndaky saglyk resmileri onlarça şäherçede we obada 1 200-den gowrak jaýyň ýanmagyna sebäp bolan ýangynda 15 adamyň ölendigini habar berýärler.

Russiýanyň saglyk ministriniň Sibir regionyndaky orunbasary Mihail Malgin özüniň 13-nji aprelde beren maglumatynda, 78 adamyň keselhanada saklanýandygyny, olaryň sekiz sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň websaýtynda berlen maglumata görä, Hakasiýanyň ähli sebitlerindäki ýangyn 14-nji aprelde ir bilen söndürilipdir.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar gullugynyň ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýokary derejeli resmisi Boris Borzowa salgylanyp berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän sebitdäki 38 etrapda we obada 1 205 çemesi ýaşaýyş jaý ýanypdyr.

XS
SM
MD
LG