Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ençeme söweşiji öldürildi


Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri geçen hepdäniň soňunda bentdäki gurluşyk içilerine garşy ýowuz hüjümi amala aşyran söweşijileriň öldürilendigini öňe sürýärler.

13-nji aprelde Pakistanyň serhet güýçleriniň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna iberen beýanatynda, ýurduň günorta-günbataryndaky Balojistan welaýatynda 13 şübheli söweşijiniň öldürilendigi mälim edilýär.

Şeýle-de, beýanatda 11-nji aprelde bente amala aşyrylan hüjümde 20 işçini öldüren söweşijileriň hem öldürilendigi bellenilýär.

Balojistan welaýatyndaky ýeke täk döwlet howpsuzlyk güýçleri, ýagny serhet goşunynyň bu beýanatyny henize çenli garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG